garynlak

garynlak
Garny ýasy, ullakan garynly.
∙ Ussa garynlak we sakgally bir adamdy. (A. Durdyýew, Aýgytly ädim)
∙ Ol wagt bu garynlakdy, indi onuň ýogyn garny çekilişipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Şol wagt Öweziň özi uzyn boýly garynlak bir adam bilen horja bir kişi gapydan girdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Ol örän garynlak, düýrlenen gamyş ýaly epeý bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem garynlak - garynlagy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»